Ibrahim Kalyn Stambul howpsyzlyk maslahatynda çykyş etdi

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, Türkiýäniň howpsyzlyk aladalarynyň beýleki ýurtlar tarapyndan çynlakaý çemeleşilmändigi sebäpli Russiýadan S-400 howa goranyş ulgamlaryny getirmek barada karara gelendiklerini habar berdi

1192053
Ibrahim Kalyn Stambul howpsyzlyk maslahatynda çykyş etdi

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn Stambul howpsyzlyk maslahatynda çykyş etdi.

Howpsuzlyk bilen bagly ähli taraplaryň zerurlyklarynyň üpjün edilmelidigini aýdan Kalyn: “Her kim howpsyz bolýança çenli, hiç kim howpsyz ýagdaýda bolmaz” diýip belledi.

Türkiýäniň öz howpsuzlyk meseleleri bilen eýýäm ençeme ýyl bäri göreşýändigini aýdan Kalyn: “Ýewropanyň howpsuzlyk binagärçiliginiň içindediris, NATO-da möhüm bir rol oýnaýarys we esasan hem hyzmatdaşlarymyzyň we goňşularymyzyň howpsuzlygyny üpjün edýäris. Ýöne şol bir wagtda beýleki tarapdan hem ädime garaşýarys. Türkiýäniň howpsuzlyk aladalarynyň jedelleşilmegi, maslahatlaşylmagy we ähmiýet berilmegi hökmany” diýdi.

Türkiýäniň Siriýa tarapyndan hüjümlere sezewar galýandygyny ýatladan Kalyn, Siriýa krizisiniň ortasynda, hyzmatdaşlaryň Türkiýedäki howa goranyş ulgamlaryny çekmeklerine düşünmediklerini belledi.


Etiketkalar: #Ibrahim Kalyn , #Siriýa , #S-400

Degişli Habarlar