“ABŞ Ýakyn Gündogarda gysga möhletli we çäkli syýasat alyp barýar”

Türkiýe ABŞ-nyň Ýakyn Gündogarda iňňän gysga möhletli we çäkli syýasat alyp barýandygyny beýan etdi

1190551
“ABŞ Ýakyn Gündogarda gysga möhletli we çäkli syýasat alyp barýar”

Ankara Ýyldyrym Beýazyt uniwersitetiniň Eýran boýunça ylmy barlaglar merkezi, Yslamabat strategik barlaglar instituty we Eýran syýasy we halkara barlaglar institutyyň bilelikde guramagynda patagt Ankarada “Türkiýe-Pakistan-Eýran Hyzmatdaşlyk Maslahaty” geçirildi.

Maslahata Daşary işler ministrliginiň Günorta Aziýa bölüminiň baş müdiri ilçi Ryza Hakan Tekin, Eýranyň Türkiýedäki ilçisi Muhammed Sarazmand, köp sanly diplomat we alymlar gatnaşdylar.

Tekin maslahatda sözlän sözünde ABŞ-nyň Eýrana goýan sanksiýalarynda ýeňillikleri bes etmek baradaky karary barada durup geçip, ABŞ-nyň iňňän gysga möhletli we çäkli syýasat alyp barýandygyny, bu meseläni degişli taraplar bilen geçirýän duşuşyklarynda ýygy-ýygydan gün tertibine getirýändiklerini aýtdy.

Şol sanksiýalaryň täsirini azaltmak üçin sebitleýin hyzmatşlygyň ähmiýetiniň günsaýyn artýandygyna ünsi çeken Tekin, Türkiýäniň, Eýranyň we Pakistanyň ägirt uly potensiala eýedigini beýan etdi.

Eýranyň Türkiýedäki ilçisi Farazmand bolsa: “ABŞ-nyň we Ysraýylyň bir taraply syýasat alyp barýan üç ýurdundan biri biz” diýdi.

 



Degişli Habarlar