Erdogan we Lukaşenko metbugat ýygnagyny geçirdiler

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýe bilen Belarussiýanyň 1,5 milliard dollarlyk söwda meýilnamasyny durmuşa geçirip bilmek mümkinçiligine eýedigini belledi

Erdogan we Lukaşenko metbugat ýygnagyny geçirdiler

Erdogan we çakylygyna laýyklykda Türkiýä gelen Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Prezidentiň kompleksinde ikiçäk we toparara gepleşikler geçirenlerinden soň umumy metbugat ýygnagyny geçirdiler.

Gepleşikleriň barşynda iki ýurdyň arasyndaky syýasy, harby, ykdysady, söwda, medeni ähli meseleleri maslahatlaşmaga pursatlary bolandygyny aýdan Erdogan: “Şeýlelik bilen geljegimiz bilen bagly nähili ädimler edip bileris, bulary ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligimiz boldy” diýdi.

Iki ýurdyň arasyndaky söwda kuwwadynyň özgeriş meýillidigini aýdan Erdogan, 6 şertnamanyň baglaşylandygyny habar berdi.

Erdogan 2016-njy ýylda 1 milliard dollarlyk söwda kuwwadyny maksat edinendiklerini ýatladyp: “Bu söwda kuwwadyna entek ýetip bilmedik. Gepleşiklerimiziň barşynda has köp işleşmeldigimizi orta goýdyk we indi bolsa maksadymyz 1,5 milliard dollarlyk bir meýilnamadyr. Türkiýe we Belarussiýa aslynda muny durmuşa geçirip bilmek mümkinçiligine eýedir” diýdi.

Belarussiýada türk medeniýetine, türk diline bolan gyzyklanmanyň we belarussiýaly syýahatçylaryň dynç almak üçin iň köp isleg bildirýän ýurtlaryň biriniň Türkiýe bolmagynyň guwandurujydygyny aýdan Erdogan: “Wizasyz syýahat mümkinçiliginiň goşandy bilen 2016-njy ýylda 113 müň bolan belarussiýaly myhmanlarymyzyň sany 2018-nji ýylda 245 müňe ýetdi” diýdi.

Metbugat ýygnagyndan ozal Erdoganyň we Lukaşenkonyň gatnaşmagynda iki ýurdyň arasynda 6 şertnama gol çekilipdi.



Degişli Habarlar