“ABŞ-e Eýrana garşy embargolaryň ýalňyşdygyny düşündirmäge dowam ederis”

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, ABŞ-e Eýrana garşy embargolaryň ýalňyşdygyny düşündirmäge dowam etjekdiklerini nygtady

“ABŞ-e Eýrana garşy embargolaryň ýalňyşdygyny düşündirmäge dowam ederis”

Ministr Çawuşogly we eýranly kärdeşi Jewad Zarif, paýtagt Ankarada Daşary işler ministrliginiň binasynda geçiren ikiçäk we toparara gepleşiklerinden soň metbugat ýygnagyny geçirdiler.

ABŞ-niň Eýrana garşy embargolary bilen baglanşykly berilen soraga Çawuşogly, ABŞ-niň embargolaryna garşydyklaryny her platformada gönüden amerikalylara anyk ýagdaýda aýdýandyklaryny habar berdi.

Çawuşogly: “ABŞ-e öňümizdäki etapda bu embargolaryň ýalňyşdygyny düşündirmäge dowam ederis” diýdi.

Gazna we maliýe ministri Berat Albaýrak, Söwda ministri Ruhsar Pekjan we Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň ABŞ-de sapardadyklaryny ýatladan Çawuşogly: “Ministrlerimiz, embargolar meselesini ähli söhbetdeşlerine açyk we anyk ýagdaýda aýtdylar. Gazna we maliýe ministri Berat Albaýrak, ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşyk geçirdi.  Bu duşuşyklarda dostlarymyz, bu babatdaky aladalarymyzy we pikirlerimizi anyk ýagdaýda abş-li söhbetdeşlerine ýetirdi. Bu ýerde esasy zat biziň öz aramyzdaky jebisligimiz we tutanýerliligimiz” diýdi.



Degişli Habarlar