Prezident Erdogan Pariždäk Notr Dam katedralyndaky ýangyna çuňňur gynanç bildirdi

“Parižiň simwollaryndan biri bolan we adamzadyň umumy mirasy Notr Dam katedralyna uly zeper ýetiren ýangyna gynanç bildirýäris"

Prezident Erdogan Pariždäk Notr Dam katedralyndaky ýangyna çuňňur gynanç bildirdi

Prezident R. T. Erdogan, Fransiýanyň paýtagty Pariždäki Notr Dam katedralyna uly zeper ýetiren ýangyna çuňňur gynanç bildirýändigini aýtdy

Prezident Erdogan düýn Notr Dam katedralynda bolan ýangyn hakynda fransuz dilinde beren ýüzlenmesinde “Parižiň simwollaryndan biri bolan we adamzadyň umumy mirasy Notr Dam katedralyna uly zeper ýetiren ýangyna çuňňur gynanç bildirýäris. Öz adymdan we halkymyň adyndan fransuz halkyna duýgudaşlyk bildirýärin” diýdi.

 



Degişli Habarlar