Daşary işler ministri Çawuşogly Notr Dam katedralynda bolan ýangyna gynanç bildirdi

"Dünýäniň medeni mirasyna degişli taryhy esgere zeper ýetirilmegi adamzat üçin uly betbagtçylyk”

1184031
Daşary işler ministri  Çawuşogly  Notr Dam katedralynda bolan ýangyna gynanç bildirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Fransiýanyň paýtagty Pariždäki Notr Dam katedralynda bolan ýangyna gynanç bildirdi.

Mewlüt Çawuşogly Twitter arkaly beren beýanatynda “Pariždäki Notr Dam katedralyndaky ýangyna uly gynanç bildirýäris. Dünýäniň medeni mirasyna degişli taryhy esgere zeper ýetirilmegi adamzat üçin uly betbagtçylyk” diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar