Berat Albaýrak Donald Tramp bilen duşuşdy

ABŞ-da iş saparynda bolýan Gazna we maliýe ministri Berat Albaýrak Ak Tamda Prezident Tramp bilen duşuşdy

Berat Albaýrak Donald Tramp bilen duşuşdy

Berat Albaýrak Twitter hasabyndan beren habarnamasynda ABŞ-nyň paýtagty Waşingtondaky duşuşyklarynyň dowamynda Prezident Tramp tarapyndan kabul edilendigini habar berdi.

Albaýrak: “Gazna ministri Stiw Mnuçin we Baýry baş geňeşçi Žared Kuşner bilen hyzmatdaşlygymyzy ösdürmek boýunça geçirýän maslahatlarymyzyň dowamynda ABŞ-nyň Prezidenti Hormatly Tram tarapyndan kabul edildik. Hormatly Trampa Prezidentimiziň salamyny we ýüzlenmesini ýetirdik” diýip ýazdy.

Berat Albaýrak Waşingtonda Türkiýe-ABŞ İşewür Geňeşi bilen Amerikan-Türk Geňeşi tarapyndan guralan 37-nji Bilelikdäki ýyllyk maslahatdaky çykyşyndan ozal žurnalistlere beren beýanatynda bolsa, ABŞ-nyň Prezidenti bilen geçiren duşuşygyny “iňňän oňyn, netijeli” diýip, häsýetlendirdi.

Duşuşykda Russiýadan S-400 howa goranyş ulgamynyň alynmagy, iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň 75 milliard dollara ýetirilmegi, sebitleýin meselelerde hyzmatdaşlyk ugurlary barada pikir alyşandyklaryny beýan eden Albaýrak; “Trampdan iňňän gowy jogaplar aldyk” diýdi we olary Prezident R.T.Erdogana ýetirjekdigini aýtdy.

Albaýrak Trampyň ministr derejesinde özi bilen duşuşmagynyň nähili analiz edilmelidigi barada soraga: “Duşuşyk Türkiýä goýulýan sarpany, Türkiýäniň strategik ähmiýetini görkezýär” diýip jogap berdi.

Türkiýe-ABŞ gatnaşyklarynda onuň göz öňünde tutulmalydygyny nygtan Albaýrak, Prezident Erdogan bilen Trampyň golaýda duşuşyk geçirip biljekdigini nygtady.



Degişli Habarlar