Belarussiýanyň Prezidenti şu gün Türkiýä geler

Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň çakylygyna laýyklykda şu gün Türkiýä resmi sapar gurar

Belarussiýanyň Prezidenti şu gün Türkiýä geler

Prezidentiň Aragatnaşyk müdürliginden berilen beýanata görä, saparyň çäginde geçiriljek duşuşyklarda, Türkiýe we Belarussiýanyň arasyndaky gatnaşyklar ählitaraplaýyn gözden geçiriler, hyzmatdaşlygyň özgerdilmegi üçin ediljek ädimler ara alynyp maslahatlaşylar.

Duşuşyklarda mundan başgada sebitleýin we halkara wakalar barada pikir alyşylmagyna garaşylýar.

Iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklara oňyn täsir ýetirjek we biri-birinden tapawutly şertnamalaryň gol çekiljek sapar mynasybetli Türkiýe-Belarussiýa Işewrüler forumynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.



Degişli Habarlar