Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýeti “Halkara Hil Baýragyna” laýyk görüldi

Merkezi İspaniýada ýerleşýän “Business İnižiatiwe Direžtions” guramasy Türk Gyzyl ýarymaý žemgyýetini “Halkara Hil Baýragyna” laýyk gördi

Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýeti “Halkara Hil Baýragyna” laýyk görüldi

Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen baýrak gowşurlyş dabarasyna Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň başlygy Kerem Kynyk gatnaşdy.

“Business İniciative Directions” guramasynyň Başlygy Hoze Prieto Türk gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň eýe bolan dünýäniň iň esasy hil baýraklaryndan birini Kerem Kynyga gowşurdy.

Kynyk ol ýerde sözlän sözünde Türk gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň alyp barýan işleri barada maglumat berip, baýrak üçin Prieto sagbolsun aýtdy.

Kynyk: “Guramanyň perskpektiwi belli. “Ejir çekýän iň soňky adamyň çekýän ežiri diňýänçä işlemek we şol jähtdan nusgawy gurama bolmak.” İş ugurlary kesgitli. Olary berjaý etmek boýunça strategiýasy belli. Şeýlelikde halkara derejesinde sylaglanmak, ony guramamyzyň adyndan ýurdumyza getirmek diýseň buýsandyryjy” diýdi.

Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň döredilenine 151 ýylyň bolandygyny we iňňän baý tejribä eýedigini nygtan Kynyk, guramanyň öz kategoriýasyndaky guramalaryň hatarynda ilkinji üçlükde orun eýeleýändigini nygtady.

Kynyk geçen ýyl guramanyň 7 milliony daşary ýurtlarda, jemi 24 million adama ynsanperwer kömegini ýetirendigini aýtdy.



Degişli Habarlar