"Palestina bilen Ysraýylyň arasyndaky dartgynlyk iki döwletli çözgüde laýyklykda çözülip bilner"

"Türkiýe hökmünde iki döwletli çözgüt etabyna doly goldaw berjekdigimizi nygtamak isleýärin”

1182244
"Palestina bilen Ysraýylyň arasyndaky dartgynlyk iki döwletli çözgüde laýyklykda çözülip bilner"

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Antalýada geçirlen NATO agza ýurtlaryň Parlamentarlar Assambleýasynyň 99-njy seminarynda we Akdeňiz Ýakyn Gündogar toparynyň maslahatynda eden çykyşynda, Ysraýylyň alyp barýan syýasatyny tanky etdi.

Şu günki günde Ýakyn Gündogara we Ortaýer deňzi sebitine ýaramaz täsirini ýetirýän esasy meselelerden biriniň Palestina-Ysraýyl meselesidigini nygtan Çawuşogly, iki döwletli çözgütden daşary hiçbir çözgüdiň Ýakyn Gündogarda parahatçylygy we durnuklylygy üpjün edip bilmejekdigini nygtady

ABŞ-nyň ýalňyş kararyndan güýç alýan Ysraýylyň hüjüm ediji tutumyndan ýüz öwürmelidigine we iki döwletli çözgüt üçin gepleşikleriň ýaňadandan başlamalydygyna ünsi çeken Çawuşogly “Türkiýe hökmünde iki döwletli çözgüt etabyna doly goldaw berjekdigimizi nygtamak isleýärin” diýdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Palestina bilen Ysraýylyň arasyndaky dartgynlygyň diňe iki döwletli çözgüde laýyklykda çözülip bilinjekdigini aýratyn belledi.

 

 

 



Degişli Habarlar