Türk Lider Boliwiýanyň Prezidentini resmi dabara bilen garşylady

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Boliwiýanyň Prezidenti Huan Ewo Morales Aýmany resmi dabara bilen garşylady

1180159
Türk Lider Boliwiýanyň Prezidentini resmi dabara bilen garşylady

Myhman Prezident Moralesiň ulagyny Prezident kompelskiniň öňündäki köçede garşylan atly topar, protokol gapysyna çenli ýoldaşlyk etdiler. 

Erdogan Moralesi Prezident köşgüniň esasy girelgesinde garşylady. 

Erdogan we Moralesiň dabara meýdançasyndaky ýerlerine geçmeginden soň, toplaryň 21 gezek atylmagy bilen birlikde milli senalar ýaňlady. 

Moprales, esgerlere "Salam esger" diýip salam berdi.

Dabarada taryhda esaslandyrylan 16 türk döwletine wekilçilik edýän baýdaklar we esgerler bardy. 

Iki ýurdyň wekiliýetleriniň tanyşdyrylmagyndan soň Erdogan we Morales, merduwanlarda Türkiýäniň we Boliwiýanyň baýdaklarynyň öňünde surata düşdiler. 

Dabara Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Bilim ministri Ziýa Selçuk, Prezident Diwanynyň Aragatnaşyk bölüminiň başlygy Fahrettin Altun bilen Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn gatnaşdy. 

 



Degişli Habarlar