Çawuşogly Maýamide musulman jemgyýetleriň wekilleri bilen duşuşdy

“Amerikada ýaşaýan musulmanlar durmuşa geçiýän işleri bilen dünýä ýurtlaryna ruhy taýdan goldaw berýär"

1178115
Çawuşogly Maýamide musulman jemgyýetleriň wekilleri bilen duşuşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň Maýami şäherine guran iş saparynyň çäginde türk we amerikaly musulman jemgyýetleriň wekilleri bilen duşuşdy.

Ministr Çawuşogly Nýu Ýork we Waşington şäherinde geçiren duşuşyklaryndan soň Florida ştatynyň Maýami şäherinde Maýami Gardens metjidine baryp gördi.

Juma namazynyň öňüsyrasynda şäherinde ýaşaýan türk we amerikaly musulman jemgyýetiň wekilleri bilen metjitde duşuşan Çawuşogly, duşuşyk hakynda Twitter arkaly beýanat berdi.

Çawuşogly beýanatynda “Amerikada ýaşaýan musulmanlaryň başdan geçirýän kynçylyklaryny ara alyp maslahatlaşdyk. Amerikaly musulmanlar durmuşa geçiýän işleri bilen dünýä ýurtlaryna ruhy taýdan goldaw berýär. Olar Yslamofobiýa garşy göreşde uly rol oýnaýar” diýdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly NATO-nyň döredilen gününiň 70 ýyllygyna bagyşlanyp aprel aýynyň 3-4-i aralygynda Waşingtonda geçirlen NATO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşypdy

 

 



Degişli Habarlar