Mewlüt Çawuşogly Russiýadan alynjak S-400-ler bilen bagly beýanat berdi

NATO-nyň esaslandyrylmagynyň 70 ýyllygy mynasybetli ABŞ-niň paýtagty Waşingtonda geçirilen NATO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşan Mewlüt Çawuşogly, türk metbugat işgärleri bilen duşuşdy

1177486
Mewlüt Çawuşogly Russiýadan alynjak S-400-ler bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň Russiýadan aljak S-400 howa goranyş ulgamlarynyň dolulygyna Türkiýäniň gözegçiliginde boljakdygyny we bularyň NATO ulgamlaryna we F-35 harby uçarlaryna hiçhili howp abandyrmajakdygyny ýene-de bir gezek ýatlatdy.

NATO-nyň esaslandyrylmagynyň 70 ýyllygy mynasybetli ABŞ-niň paýtagty Waşingtonda geçirilen NATO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşan Mewlüt Çawuşogly, türk metbugat işgärleri bilen duşuşdy.

ABŞ-niň Döwlet sekretary Maýk Pompeo bilen geçiren duşuşygy bilen bagly maglumat beren Çawuşogly, ABŞ-niň Siriýadan çekilmegi we Siriýanyň demirgazygynda meýilleşdirilýän howpsyz zolak meselelerini ara alyp maslahatlaşandyklaryny, bu babatda iki ýurdyň umumy güýjüniň ABŞ-niň çekilmek etabyndaky koordinasiýa işlerine dowam etmegi babatynda ylalaşandyklaryny habar berdi.

Türkiýe bilen ABŞ-niň, F-35 harby uçarlary we S-400 howa goranyş ulgamlary babatynda tapawutly garaýyşlara eýedigini aýdan Çawuşogly, bu meseläni maslahatlaşandyklaryny aýan etdi.

Türkiýäniň köptaraplaýyn bir daşary syýasat alyp barýandygyny aýdan Çawuşogly: “Sebitimizde Russiýa bilen goňşudyrys we sebitdäki ähli ýurtlar Russiýadan tebigy gaz alýar. Russiýa biziň söwda hyzmatdaşymyz. ABŞ biziň NATO-daky hyzmatdaşymyz. NATO-nyň gündogardaky we Gara deňizdäki ähli hereketlerini goldaýarys. Her tarap bilen gowy gatnaşyklarymyzyň bolmagyny isleýäris we olary deň tutmaga synanyşýarys. Şol sebäplli bir tarapy saýlamaga mejbur däldiris” sözlerini ulandy.

Çawuşogly: “Bu meselede aladalar bar bolsa nädip ortadan aýyrarys? Türkiýäniň Russiýadan aljak S-400 howa goranyş ulgamlarynyň dolulygyna Türkiýäniň gözegçiliginde boljakdygyny we bularyň NATO ulgamlaryna we F-35 harby uçarlaryna hiçhili howp abandyrmajakdygyny iň başyndan bäri aýdyp gelýäris. Şonsyzam Russiýa bilen ilkinji şertimiz şoldy we NATO ulgamlaryna integrasiýa edip bolmaýşy ýaly, NATO ulgamlaryna we biziň ulgamlarymyza hiç hili howp abandyrmaz” diýdi.


Etiketkalar: #NATO , #S-400 , #Russiýa , #ABŞ , #Waşington

Degişli Habarlar