Çawuşogly Bolton bilen duşuşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Ak Tamyň Milli howpsyzlyk boýunça geňeşçisi Jon Bolton bilen duşuşdy

1177617
Çawuşogly Bolton bilen duşuşdy

NATO-nyň döredilen gününiň 70 ýyllygy mynasybetli Waşingtonda geçirilen NATO-nyň Daşary işler ministrleriniň derejesindäki maslahatyna gatnaşan Daşary işler ministr Çawuşogly, Waşingtona guraýan saparynyň çäginde Bolton bilen duşuşdy.

40 minuda golaý dowam eden netijeli geçendigi beýan edilen duşuşykda Türk-Amerikan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşylandygy habar berildi.

İki günlük Waşingtona saparynyň dowamynda NATO-nyň Daşary işler ministrleriniň derejesindäki maslahatyna we köp sanly çärä gatnaşan Çawuşogly, amerikaly kärdeşi Maýk Pompeo bilen özara gatnaşyklar boýunça duşuşyk geçirip, köp sanly ýurduň daşary işler ministrleri bilen gepleşikler geçirdi.



Degişli Habarlar