Türkiýe Yragyň Mosul şäherindäki gözleg we halas ediş işlerine goldaw berer

Yragyň Mosul şäherinde Tigr derýasynda bolan gaýyk heläkçiliginde 85 adam ýogalypdy

1173019
Türkiýe Yragyň Mosul şäherindäki gözleg we halas ediş işlerine goldaw berer

Deňiz güýçleri serkerdeligine degişli 20 adamlyk çümüji topar Mosulda Tigr derýasynda başdan geçirlen gaýyk heläkçiliginde ýitenleriň halas ediş işlerine goldaw bermek maksady bilen Mosula gitdi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýanatda “Yragyň Mosul şäherinde Tigr derýasynda 21-nji martda bolan gaýyk heläkçiliginde ýitenleriň gözleg we halas ediş işlerine goldaw bermek maksady bilen Deňiz güýçleri serkerdeligine degişli 20 adamlyk toparyň şu gün Howa güýçleri serkerdeligine degişli ýörite uçar bilen sebite gitdi” diýildi

Yragyň Mosul şäherinde Tigr derýasynda bolan gaýyk heläkçiliginde 85 adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar