"Musulman ýurtlar Trampyň Golan depeleri baradaky karary meselesinde dymmagy saýlap aldy"

Çawuşogly Golan depeleri baradaky karary meselesinde dymmagy saýlap alan käbir musulman ýurtlara garşylyk görkezdi

1172287
"Musulman ýurtlar Trampyň Golan depeleri baradaky karary meselesinde dymmagy saýlap aldy"

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň halkara hukugyna we BMG-nyň kararlaryna äsgermezçilik etmek bilen kabul eden Golan depeleri baradaky karary meselesinde dymmagy saýlap alan käbir musulman ýurtlara garşylyk görkezdi.

Çawuşogly düýn Antalýada eden çykyşynda “ ABŞ-nyň Prezidenti halkara hukugyna we BMG-nyň kararlaryna äsgermezçilik etmek bilen Golan depeleri barada ýalňyş karar kabul etdi. Siriýa degişli bolan we Ysraýylyň basyp alyşlygy astyndaky Golan depelerinde Ysraýylyň özygtyýarlygyny ykrar etdi. Emma bizden başga şol karar garşylyk görkezen musulman ýurt bolmady. Nirede Arap ligasy nirede arkalaşyk?” diýdi.



Degişli Habarlar