“Trampyň goly legal däl”

Trampyň Siriýa degişli Golan depelerini Ysraýylyň territoriasy hökmünde kabul edýän kararnama gol goýmagyna reaksiýa görkezildi

1170454
“Trampyň goly legal däl”

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Siriýa degişli Golan depelerini Ysraýylyň territoriasy hökmünde kabul edýän kararnama gol goýmagyna garşylyk görkezdi.

Çawuşogly kararyň Ysraýylyň Golan depelerindäki basyp alyşlygyny legallaşdyrryp bilmejekdigini aýtdy.

“ABŞ ýene-de bir gezek halkara hukugy basgylady” diýen Çawuşogly: Emma bu karar Ysraýylyň Golan depelerindäki basyp alyşlygyny asla legallaşdyryp bilmez. Tersine Ýakyn Gündogarda parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin edilýän tagallalary bökdär we sebitde dartgynlytgyň möwjemegine itergi berer diýip duýduryş berdi.

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn bolsa, ABŞ-nyň Golan depeleri hakyndaky karary “ABŞ-nyň parahatçylyga garşy alyp barýan tutumyny görkezýär”diýdi.

Mesele hakynda beýanat beren Kalyn “Kim tarapyndan goldanýandygyna garamazan basyp alyjy we söweş syýasatlary legal däl we kanunlara bap gelmeýär” diýdi.

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat sekretary Ömer Çelik hem “Trampyň goly legal däl” diýdi.

Ömer Çelik “Golan depeleri Ysraýylyň topragy däldir. Golan Siriýa degişlidir” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp “Ysraýylyň Golan depelerindäki özygtyýarlylygyny ABŞ-nyň ykrar edýändigini” yglan edýän kararnama gol goýupdy.

Paýtagt Waşingtonda geçirlen gol çekişlik dabarasyna Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahu hem gatnaşypdy.

Prezident Tramp kararnama gol goýandan soň “Ysraýylyň Golandaky özygtyýarlygyny ykrar etdim” diýipdi.

Beýleki tarapdan ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň kararnama gol goýýan pursatlarynda Ysraýylyň harby uçarlary Gazzany bombalama başlady.

Şäherden partlama sesleri gelmäge dowam edýär.



Degişli Habarlar