591 guýy 2,5 million adamy agyz suwy bilen üpjün edýär

Döwlet suw işleri baş müdirligi tarapyndan arassa suw üpjünçiligi üçin alynyp barylýan işleriň çäginde Afrikada we Siriýada açylan 591 guýy bilen 2,5 million adama agyz suwy berilýär

1167945
591 guýy 2,5 million adamy agyz suwy bilen üpjün edýär

Suýji suw çeşmeleriniň ähmiýetine ünsi çekenmek we şol çeşmeleriň durnukly dolanşygynyň ýola goýulmagy üçin her ýylyň 22-nji martynda Bütindünýä suw güni bellenilip geçilýär.

Bosgun kabul edýän esasy ýurtlardan biri bolan Türkiýe bar bolan islegleri kanagatlandyrmak we geljekki talaplary ýerine ýetirmek üçin infrastruktura taslamalaryny iş ýüzüne geçirýär.

Türk ýaragly güýçleriniň “Ýefrat galkany” operasiýasynyň çäginde Siriýada geçirilen burawlaýyş işlerinde Çobanbeý, Al Bab, Azaz, Mara we golaýyndaky obalarda 91 sany suw guýusy gazylyp, 630 müňe golaý adam arassa agyz suwy bilen üpjün edildi.

Beýleki tarapdan Moritaniýada 96 suw guýusy gazylyp, 415 müň adama ýetjek arassa agyz suwy çykarylar. Döwlet suw işleri edarasynyň Serbiýada, Owganystanda, Pakistanda, Albaniýada, Garadagda, Sloweniýada we beýleki ýurtlarda-da burawlaýyş işleri dowam edýär.

 



Degişli Habarlar