Şyrnagyň Silopi etrabynda bir esger şehit boldy

Şyrnak welaýatynyň Silopi etrabynda guralan operasiýada partlaýyjynyň ýarylmagy sebäpli bir esger şehit boldy, bir esger ýaralandy

1167015
Şyrnagyň Silopi etrabynda bir esger şehit boldy

Jizre etrap Asudalyk Serkerdeligine tabynlykdaky güýçler Silopi etrabynda Judi dagynyň eteklerinde ekstremist terror guramasy PKK terrorçylaryna garşy “Žandarm Kapitany Ýunus Çelebi” operasiýasyny geçirdi.

Operasiýada ýer gözleg işleriniň dowamynda ekstremist terror guramasy PKK terrorçylarynyň ornaşdyran partlaýyjylary ýaryldy. Partlamada 2 esger ýaralandy.

Ýaraly esgerler dik uçar bilen Şyrnak döwlet hassahanasyna alynyp gidildi.

Esgerlerden biri ähli tagallalara garamazdan şehit boldy, beýleki esgeriň bejergisi bolsa dowam edýär.

Etrapda operasiýa dowam edýär.



Degişli Habarlar