Erdogan Washington Post gazedi üçin makala ýazdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, ABŞ-de çap edilýän Washington Post gazedi üçin “Täze Zelandiýadaky terrorçynyň we DAIŞ-iň matasy meňzeşdir” atly makala ýazdy

1166944
Erdogan Washington Post gazedi üçin makala ýazdy

Täze Zelandiýanyň Kraýstçerç şäherinde başdan geçirilen terrorçylykly hüjümde 50 bigünä adamyň şehit bolandygyny aýdan Erdogan, namaz üçin ýerli metjitlerde ýygnanan ençeme muslmanyň bolsa hüjümden ýaraly ýagdaýda halas bolandygyny ýatlatdy.

Jenaýatçylykly hüjümde ulanylan ýaraglaryň üstünde we terrorçynyň internediň üsti bilen ýazan manifestinde köp sanda taryhy salgylanmalara gabat gelinendigine ünsleri çeken Erdogan: “Terrorçynyň Türkiýä we hut meniň adyma ençeme gezek salgylanmagy hem möhüm hem-de üstünde pikir edilmeli bir meseledir” diýdi.

Erdogan, gyrgynçylygyň jogapkäriniň dünýä taryhyny we hristian dinini ýoýup, bozuk düşünjelerini, dogry görkezmäge synanyşandygyny belläp: “Adamlaryň arasynda ýigrenç tohumlaryny serpmäge synanyşdy. Geçmişde ençeme gezek terroryň dini, dili ýada jynsy bolup bilmejekdigini aýdan bir lider hökmünde, geçen hepde başdan geçirilen terrorçylykly hüjümleri hristian dini, ahlaky ýa-da ýörelgeleri bilen birleşdirmek üçin edilen islendik hereketi çürt-kesik ret edýärin. Täze Zelandiýada başdan geçirilenler diňe nadanlygyň we ýigrenjiň zäherli bir netijesi hökmünde görülip biliner” diýdi.

Erdogan: “Täze Zelandiýada bigünä adamlaryň janyny alan ganhor bilen Türkiýe, Fransiýa, Indoneziýa we başga ýerlerde terrorçylykly hüjümler guraýanlaryň arasynda hiç hili tapawut bolmandygyny anyklamaga mejburdyrys” diýdi.

Kraýstçerç gyrgynçylygyndan soň, Günbataryň öz üstüne düşýän jogapkärçiliginiň bardygyny aýdan Erdogan, Günbatar jemgyýetiniň we hökümetleriniň, rasist, daşary ýurt duşmançylygy we yslamafobiýa ýaly soňky ýyllarda artan ideologiýalaryň kadalaşmagyna rugsat bermezlikleri barada çagyryş berip: “Günbatarly liderleri, Täze Zelandiýanyň Premýer ministri hormatly Jasinda Ardern batyrgaýlygyndan, liderliginden we açyk göwünliliginden ders alyp, öz ýurtlarynda ýaşaýan musulmanlary gujaklamaklary gerek” diýdi.



Degişli Habarlar