Türkiýe Gollandiýada guralan hüjümi ýazgardy

Resmi Ankara 3 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümi ýazgardy

1165955
Türkiýe Gollandiýada guralan hüjümi ýazgardy

 

 

Türkiýe ähli hüjümlere garşy tutanýerli tutum alyp barmaga dowam edýär.

Soňky gezek Gollandiýada şu gün hüjüm guran hüjümçiniň Türkiýede doglandygy bu tutumy üýtgetmedi.

Resmi Ankara 3 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümi ýazgardy.

Daşary işler ministrliginden berlen beýanatda “Gollandiýada guralan hüjümiň kim tarapyndan we näme sebäpden guralandygyna garamazdan hüjümi berk ýazgarýarys” diýildi.

Beýanatda “Hyýanatçylykly hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç we sabyr dileýäris, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris. Hüjüme garşy Gollandiýanyň halkyna we hökümetine goldaw berýäris diýildi.

Howpsyzlyk güýçleri Gollandiýanyň Utrext şäherinde guralan hüjümiň jogapkäriniň Türkiýede doglan 37 ýaşyndaky Gökmen T-niň gözlenýändigini habar berdi.

Beýleki tarapdan hüjümiň maşgala sebäpli guralandygy öňe sürülýär.

Käbir çeşmeler bolsa hüjümçiniň saklanandygyny habar berdi.



Degişli Habarlar