Prezident Erdogan Çanakkale ýeňişiniň 104 ýyllygy mynasibetli geçirlen dabaralara gatnaşdy

Prezident Erdogan şehitlere Alladan rehnet diledi

1165678
Prezident Erdogan Çanakkale ýeňişiniň 104 ýyllygy mynasibetli geçirlen dabaralara gatnaşdy

 

Prezident R. T. Erdogan Çanakkale deňiz ýeňişiniň 104 ýyllygy we Şehitleri hatyralama güni mynasibetli geçirlen dabaralara gatnaşdy.

Çykyşynda Çanakkale söweşlerinde şehit bolanlary hatyralan Prezident Erdogan “Bu topraklarda şehit bolanlar, bir wagtlar şol bir serhetlerde ýaşan Balkanlardaky, Demirgazyk Afrikadaky, Ýakyn Gündogardaky we Kawkazdaky ähli doganlaryma mähili salam. Arkaýyn boluň siziň amanadyňyza gözümiz ýaly seredýäris” diýdi.

Şehitlere Alladan rehnet dilän Erdogan, käbir güýçleriň Türkiýäniň sabyryny we tutanýerliligini bir asyrdan gowrak wagt soň hem synamaga dowam edýändigini nygtady.

Prezident Erdogan “Siriýa serhedimizde terror koridoryny açmaga synanşýarlar, Yrak bilen bolan serhedimiziň edil düýbünde bize zarba urmaga synanşýarlar. Kiprde, Gündogar Ortaýer deňzinde hukuklarymyzy basgylamaga çalyşýarlar. Egeý deňzinde bizi öz suw giňişligimizde gara suwlarymyza girmegimiziň öňüni almaga synanşýarlar. Ýewropada esasan Germaniýada, Fransiýada metjitlerimize, jemgyýetlerimize, raýatlarymyza her ýyl ýüzlerçe hüjüm guraýarlar. Ykdysadyýetimize hüjüm edip halkymyzyň işine, çöregine göz dikmäge synanşýarlar. Hatda ýurdumyzdan 16500 kilometr alysda Täze Zelandiýada berýän ýüzlenmeleri bilen bizi synagdan geçirýärler” diýdi.

Täze Zelandiýadaky terrorçylykly hüjüm hakynda durup geçen Erdogan iki metjide hüjüm edip 50 adamy öldüren terrorçynyň manifestosyna garşylyk görkezdi.

Prezident Erdogan  “Çanakkalden 104 ýyl soň ýene-de bir gezek ýüzlenýäris. Ýüzlenmäňizi aldyk, niýetiňize hem düşündik, kinäňiziň we ýigrenjigiziň henizem dowam edýändigine göz ýetirdik. Bir terrorçynyň 50 musulmany öldürmeginiň näme many aňladýandygyny, ýaşaýan topraklarymyzda biziň ýaşamagyňyzy islemeýändiňize düşündik. Manifestosynda “Anadoly tarapyndan, Ýewropa tarapyna geçip bilmersiňiz” diýip hemle atýan terrorçynyň hüjümi şahsy däl eýsem guramaçylyklydyr” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar