Prezident Erdogan saýlawdan soň ABŞ-e sapar gurap biljekdigini habar berdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, 31-nji martdan soň ABŞ-e sapar gurap biljekdigini mälim etdi

1151332
Prezident Erdogan saýlawdan soň ABŞ-e sapar gurap biljekdigini habar berdi

Erdogan hususy kanallaryň birinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglara jogap berip, şu hepde ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp bilen geçiren telefon söhbetdeşliginiň üstünde durup geçdi.

Soňky telefon söhbetdeşliginde Trampyň özüni ABŞ-e sapar guramaga çagyrandygyny aýdan Erdogan: “Men özüne ilki bilen men size garaşýaryn diýdim. 31-nji martdan soň belki Waşingtona bir sapar gurap bilerin, belkem özi Türkiýä sapar gurar” diýdi.

Prezident Erdogan, Siriýada emele getirilmegi meýilleşdirilýän howpsyz zolak temasyny Tramp bilen gowy edip maslahatlaşandygyny belläp: “Howpsyz zolak biziň strategik düşünjämizden uzak bir ýere göçürilse ony kabul etmegimiz mümkin däl. Sebäbi biziň serhedimiziň golaýynda bir howpsyz zolak boljak bolsa, ol biziň gözegçiligimiziň astynda bolar” diýdi.

Manbij meýilnamasy bilen bagly meseläniň üstünde ýene-de bir gezek durup geçen Erdogan: “Birinji, meýilnamanyň durmuşa geçirilmegi etabynyň iň tiz wagtda tamamlanmagy. Mundan beýläk yza süýşürilmän Manbijiň PÝD/ÝPG-den saplanmagy Türkiýe üçin indi özüniň howpsyzlyk meselesi ýagdaýyna geldi. Ikinji bolsa, Asada bagly güýçleriň Manbije garşy hereketlerine, PÝD/ÝPG-niň Asada tabynlykdaky güýçlerini Manbije salmak tagallalaryna geçirmlilik görkezilmezligidir. Mesele elbetde yza çekilmek meýilnamasynyň çäginde ele alynýar. Belli bir wagt garaşarys, bolsa bolar, bolmasa giýjeleriň birinde duýdansyz gelip bileris” diýdi.


Etiketkalar: #Erdogan , #Siriýa , #Manbij

Degişli Habarlar