Milli Goranmak ministri Akar ABŞ-nyň Goranmak ministriniň wekili Patrik Şanahan bilen duşuşdy

Türkiýäniň PKK, ÝPG, PÝD, DAIŞ we FETÖ ýaly ähli terror guramalaryna garşy egilşiksiz göreşi dowam eder

1150987
Milli Goranmak ministri  Akar ABŞ-nyň Goranmak ministriniň wekili Patrik Şanahan bilen duşuşdy
akar-shanahan1.jpg

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar ABŞ-nyň Goranmak ministriniň wekili Patrik Şanahan bilen duşuşdy.

Milli Goranmak ministrliginiň internet saýtynda berlen beýanata görä, ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagonda geçirlen özara we toparara gepleşiklere Baş ştabyň başlygy goşun generaly Ýaşar Güler bilen ABŞ-nyň Baş ştabynyn başlygy goşun generaly Dunford hem gatnaşdy.

Akar-Şanahan duşuşygynda goranyş senagatynda iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen, Siriýada terror guramasy DAIŞ-e garşy geçirilýän operasiýalar, ABŞ tarapyndan terror guramasy ÝPG/PKK-a berilýän goldawa Türkiýäniň bildirýän aladasy ýaly birnäçe mesele ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Siriýanyň syýasy jebisliginiň we territorial bitewiliginiň goralyp saklanmagynyň ähmiýetine ünsi çeken ministr Akar, Türkiýäniň PKK, ÝPG, PÝD, DAIŞ we FETÖ ýaly ähli terror guramalaryna garşy egilşiksiz göreşiniň dowam etjekdigini nygtady.

Akar bilen Şanahan duşuşykda ýurtlaryň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň, NATO-nyň çäginde dowam etdirmegiň ähmiýetini ýene-de bir gezek nygtady.

 

 



Degişli Habarlar