Türk hirurglaryndan serhetaşa operasiýa

Meýletin hekimler, bosgun düşelgeler başda bolmak bilen şäherdäki hassahanalarda we saglygy goraýyş edaralarynda goşmaça işlediler

1150104
Türk hirurglaryndan serhetaşa operasiýa

Türkiýäniň tapawutly uniwersitetlerinden bolan meýletin 6 professor, Yragyň Kerkük şäherinde saglyk ýagdaýy tankydy bolan 30 adamy, geçiren operasiýalary bilen täzeden durmuşa baglady.

Gazi, Ýyldyrym Beýazit, Osmangazi, Nejmettin Erbakan we Selçuk uniwersitetlerinden, tapawutly bölümlerdäki 6 professor we hünärmen, Kerkükde seminarlar we konferensiýalar arkaly lukmançylyk bilen bagly döwrebap maglumatlar paýlaşdylar.

Meýletin hekimler, bosgun düşelgeler başda bolmak bilen şäherdäki hassahanalarda we saglygy goraýyş edaralarynda goşmaça işlediler.


Etiketkalar: #hirurg , #saglyk , #professor

Degişli Habarlar