Hakurkda terror guramasy PKK uly zarba uruldy

PKK tarapyndan ulanylýan 17 gowak bilen gaçybatalga tapyldy

Hakurkda terror guramasy PKK uly zarba uruldy

 

Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Hakurk etrapçasynda geçirlen operasiýada ekstremist terror guramasy PKK tarapyndan ulanylýan 17 gowak bilen gaçybatalga tapyldy.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýanata görä, Türk ýaragly güýçleri Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Hakurk etrapçasyna 15 operasiýa gurady.

Operasiýalarda ekstremist terror guramalaryna degişli PKK tarapyndan ulanylýan 17 gowak bilen gaçybatalga tapyldy.

Gowaklardaky we gaçybatalgalardaky 2 tonna golaý ýangyç, partlaýjy madda ýasamakdan ulanylýan 500 metrlik kabel bilen birlikde köp sanly ýarak we ok-däri hatardan çykaryldy.

 




 



Degişli Habarlar