Erdogan Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident R.T.Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Erdogan Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezidentiň Diwanyndan alynan maglumata görä telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar we Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar barada pikir alyşylyp, syýasy çözgüt tapgyrynyň goldanmagynyň möhümdigi nygtaldy we terrorismiň ähli görnüşine garşy göreşmekde bilelikdäki ygtyýara üns çekildi.

Erdogan telefon söhbetdeşliginde Türkiýäniň strategik hyşmatdaşlygynda ýakyn gatnaşyklary dowam etdirmek işlegini ýene-de bir gezen nygtady.

Liderler ABŞ-nyň Siriýadaky goşunlarynyň yza çekilmegi baradaky kararynyň bilelikdäki bähbitlere laýyklykda we bilelikdäki maksatlara zyýansyz şertlerde iş ýüzüne geçirilmegi boýunça ylalaşdylar.

Erdogan we Tramp, özara ykdysady gatnaşyklaryň hasam ösdürilmegi we 75 milliard dollarlyk söwda maksadyna ýetmek barada-da ylalaşdylar.

Prezident Erdogan bilen Trampyň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşligi barada Ak Tamdan berilen beýannamada bolsa; “Prezidentler potensial howpsyz zolagyň döredilmegi boýunça utgaşyklygyň dowam etmegi barada ylalaşdylar” diýilýär.

Ak Tamyň beýannamasynda: “Liderler özara gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtadylar we Siriýa meselesi bilen söwda gatnaşyklary, beýleki ugurlar boýunça pikir alyşdylar. Prezidentler potensial howpsyz zolagyň döredilmegi üçin utgaşyklygyň dowam etdirilmegi boýunça ylalaşdylar we ABŞ-nyň Goranmak ministriniň wekili Patrik Şanahan bilen Baş ştabyň başlygy Jozef Danfordyň meseleler boýunça goşmaça duşuşyklar üçin Waşingtonda türk kardeşleri bilen duşuşyklaryny belledi” diýilýär.



Degişli Habarlar