Erdogan Burdur welaýatynda halka ýüzlendi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýäniň serhediniň golaýynda bir terror formirlemesine göz ýummajakdygyny belläp, näme bolsa bolsun terror korridoryny ýumurjakdyklaryny habar berdi

Erdogan Burdur welaýatynda halka ýüzlendi

Prezident Erdogan Burdur şäherindäki Respbublikan meýdançasynda halka ýüzlenip çykyş etdi. 

Çykyşynda Siriýanyň demirgazygynda başda ABŞ bolmak bilen Günbatar ýurtlarynyň goldawy bilen ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-ny ulanyp emele getirilmek islenýän terror korridoryna göz ýummajakdyklaryny aýdan Erdogan: "Türkiýe serhediniň golaýynda bir terror formirlemesine göz ýummaz, razyçylyk bermez" diýdi. 

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan geçirilen operasiýalar bilen Siriýanyň demirgazygynda, terrordan saplanan ýerlere siriýalylaryň gaýdyp barmaga başlandygyny aýdan Erdogan: "Häzirki wagta çenli 310 müň siriýaly howpsyz ýerlere iberdik. Manbij we Ýewfrat derýasynyň gündogary terrordan saplanan mahaly hem millionlarça siriýaly öýlerine gaýdyp barar" diýip habar berdi. 

 


Etiketkalar: Burdur , Erdogan

Degişli Habarlar