Türk esgeriniň Aden aýlagyndaky iş möhledi uzadyldy

Türk deňiz güýçleri sebitde ýene-de bir ýyl möhlet bilen iş barmaga dowam eder

1139962
Türk esgeriniň Aden aýlagyndaky iş möhledi uzadyldy

 

Türk ýaragly güýçleriniň Aden aýlagyndaky iş möhledi 2019-njy ýylyň 10-njy fewralyndan başlap bir ýyl möhlet bilen uzadylmagy hakyndaky ygtyýarnama Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Baş Assambleýasynda geçirlen sese goýulşykda kabul edildi.

Ygtyýarnamada, Türk deňiz güýçleriniň Türkiýäniň baýdagyny göterýän we Türkiýäniň söwda gämileriniň howpsyz ýagdaýda sebite barmagy, halkara derejesinde deňiz garakçylaryna, ýaragly terrorçylara we talaňçylara garşy  BMG derejesinde alnyp barylýan göreşe goşant goşmagy maksady bilen sebitde iş alyp barmaga dowam edýändigi nygtaldy.

Ygtyýarnamada BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň degişli kararlarynyň çäginde türk deňiz güýçleriniň sebitde ýene-de bir ýyl möhlet bilen iş barmaga dowam etjekdigi ýatladyldy.

 

 

 



Degişli Habarlar