2018-nji ýylyň başyndan bäri 2442 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylardan 12 sanysy gyzyl, 3-niň gök we 45-niň çal sanawda gözlenýän terrorçylar

1129140
2018-nji ýylyň başyndan bäri 2442 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

 

Milli Goranmak ministrligi 2018-nji ýylyň başyndan bäri 74-i guramanyň ýolbaşçysy bolmak bilen jemi 2442 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini mälim etdi.

Milli Goranmak ministrligi 2018-nji ýyldan bäri terror guramalaryna garşy ýurduň içinde we serhetaşa geçirlen operasiýalar hakynda beýanat berdi.

Beýanatda, operasiýalarda täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylardan 12 sanysy gyzyl, 3-niň gök we 45-niň çal sanawda gözlenýän terrorçylardygy ýatladyldy.

Beýanatda Ýefrat Galkany we Zeýtun şahajygy operasiýalarynyň hem üstünlikli ýagdaýda tamamlanandygy nygtaldy.



Degişli Habarlar