Erdogan Siriýanyň Manbij sebiti bilen bagly beýanat berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Asada tabynlykdaky güýçleriň Siriýanyň Manbij sebitindäki barlygynyň entek anyk däldigini belledi

1115432
Erdogan Siriýanyň Manbij sebiti bilen bagly beýanat berdi

 

Erdogan Stambulda žurnalistlere beýanat berip, ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň gözegçiligi astynda bolan Manbije Asada tabynlykdaky güýçleri çagyrandygy baradaky öňe sürmeleriň üstünde durup geçdi.

Manbijdäki hadysalar bilen baglanşykly, Siriýanyň hökümetiniň psihologik bir hereket içindedigini bilýändiklerini aýdan Erdogan: “Razwedka gullugyndan maglumat aldyk, entek anyk bir zat ýok” diýdi.

Maksatlarynyň Manbijde ÝPG/PKK-nyň gerek bolan dersi almagydygyny bellän Erdogan, bu babatdaky tutanýerlilikleriniň doludygyny nygtady.

Erdogan: “Ertir irden wekiliýetim Moskwa gider. Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygynda Goranmak ministrim, Milli Howpsyzlyk gullugynyň başlygy we şol bir wagtda ýörite wekilim we ilçim, 4 adamdan ybarat topar bolup ol ýere giderler we bu meseläni giňişleýin ara alyp maslahatlaşarlar” diýdi. 

“Russiýanyň Döwlet Baştutany hormatly Wladimir Putin bilen hem telefon söhbetdeşligim hem-de Moskwa ýa-da Soça sapar gurap bilerin” diýen Erdogan: “Biziň bu meseläniň örän gowy edip maslahatlaşmagymyz gerek” diýip beýan etdi.

Siriýanyň bölünmegine garşydyklaryny aýdan Erdogan: “Maksadymyz ol ýerlerdäki terror guramalarynyň çykmagydyr. Guramalar çykan halatynda biz tarapyndan ediljek iş galmaz” diýdi.


Etiketkalar: #Erdogan , #Manbij , #PKK , #ÝPG , #Siriýa

Degişli Habarlar