Ýyldyrym Indoneziýada başdan geçirlen sunami apaty sebäpli gynanç bildirdi
"Türkiýe sunami apatyny başdan geçiren dost ýurt Indoneziýa goldaw berer"
Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Binali Ýyldyrym, Türkiýäniň sunami apatyny başdan geçiren dost ýurt Indoneziýa goldaw berjekdigini aýtdy.
Ýyldyrym Indoneziýanyň Sunda bogzynda başdan geçirlen sunami apaty sebäpli gynanç bildirdi.
Sunami apatynda 280-den gowrak adamyň ýogalmagyna, müňden gowrak adamyň ýaralanmagyna gynanç bildiren Ýyldyrym, ýüzlenmesinde “Başdan geçirlen apatda ýogalanlara Alladan rehnet, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris. Türkiýe hökmünde dost ýurt Indoneziýa goldaw bereris” diýdi.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan Gollandiýada Saparda Bolar
Ministr Fidan, saparynyň çäginde gollandiýaly kärdeşi Clot Hanke Brýuinz bilen duşuşar.
Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Iki hepde-de ekstremist terror guramasy PKK-a agza 75 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.