Prezident Erdogan Palestinanyň Döwlet başlygy bilen söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen Palestinanyň Döwlet başlygy Mahmud Abbasyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

1111832
Prezident Erdogan Palestinanyň Döwlet başlygy bilen söhbetdeş boldy

 

Prezident Diwanyndan alynan maglumata görä, Palestinanyň Döwlet başlygy Mahmud Abbas, käbir ýurtlaryň ilçihanalaryny Iýerusalime göçürmek bilen bagly kararlar başda bolmak bilen sebitdäki soňky hadysalar barada pikir alyşdy.

Iki lider Palestina meselesiniň çözüwini kynlaşdyrjak ýalňyş göçümleriň öňüniň alynmagy üçin nämeleriň edip boljakdygy barada pikir alyşdylar.

Erdoganyň telefon söhbetdeşliginde, Türkiýe hökmünde palestinalylaryň esasly dawalaryny goldamaga dowam etjekdiklerini ýene-de bir gezek belläp geçendigi beýan edildi.



Degişli Habarlar