Çawuşogly: “Biz ABŞ-nyň Siriýadan çekilmek baradaky kararyndan hoşal”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu ABŞ-nyň harby güýçlerini Siriýadan çykarmak baradaky kararyna hoşallyk bildirdi

1111308
Çawuşogly: “Biz ABŞ-nyň Siriýadan çekilmek baradaky kararyndan hoşal”

Maltada çykyş eden Mewlüt Çawuşogly goşunyň çykarylyş tapgyrynda utgaşyklygyň möhümdigini we Siriýada boşluk emele gelmegine ýol berilmeli däldigini aýtdy.

Siriýanyň territorial bitewiliginiň tarapynda durýandyklaryny nygtan Çawuşogly; “Terror guramasy DAİŞ bilen uzak wagtdan bäri göreşýäris. İndi onuň ýeňilişe sezewar edilendigini pikir edýär. ABŞ-nyň yza çekiliş tapgyrynda utgaşyklyk möhüm” diýdi.

“Başga bir terror guramasyndan peýdalanyp DAİŞ-e garşy göreşilmeli däldigi barada ABŞ-na duýdurypdyk” diýen Çawuşoglu, ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK ýaly toparlara Siriýada haýsydyr bir hereket giňişliginiň berilmeli däldigini aýtdy.

Bu sepgitden soň Siriýada syýasy çözgüt üçin tagalla edilmelidigini nygtan Çawuşogly; “Siriýa üçin konstitutsiýa toparynyň 2019-njy ýylyň başynda geçirjek maslahaty syýasy çözgüt taýdan möhüm” diýdi.



Degişli Habarlar