"Siriýa konstitutsiýasyny ýazjak komissiýasynyň işleri meselesinde öňe gidişlik edildi"

Çawuşogly Ženewada Russiýa bilen Eýranyň Daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda geçirlen maslahatdan soň metbugata beýanat berdi

1109528
"Siriýa konstitutsiýasyny ýazjak komissiýasynyň işleri meselesinde öňe gidişlik edildi"

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Siriýa konstitutsiýasyny ýazjak komissiýasynyň işleri meselesinde öňe gidişliğin edilendigini aýtdy.

Çawuşogly Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde Astana etabynyň hemaýatkär ýurtlary Russiýa bilen Eýranyň Daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda geçirlen maslahatdan soň metbugata beýanat berdi.

 “Siriýa konstitutsiýa komissiýasynyň döredilmegi işerinde öňe gidişlik edildi” diýen Çawuşogly, Siriýanyň hökümetiniň we oppozisiýanyň komissiýanyň agzalary üçin beren tekliplerinde hiç hili düşnüşmezligiň ýokdygyny nygtady.

Ministr Çawuşogly “Jemgyýetçilik guramalar bilen arabaglanşykly sanaw meselesinde tapawutly garaýyşlar bolup biler. Bu meselede hemaýatkär ýurtlar hökmünde BMG bilen birlikde işleşýäris” diýdi.

Daşary işler ministri Çawuşogly Astana etabynyň üç hemaýatkär ýurdunyň komissiýanyň gysga wagtda döredilmegi üçin uly tagalla edýändiklerini aýratyn belledi.



Degişli Habarlar