Soňky bir hepdede 23 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýede soňky 1 hepdede geçirilen operasiýalarda, 1-i ýokary derejeli ýolbaşçy bolan jemi 23 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1108238
Soňky bir hepdede 23 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

 

Içeri işler ministrliginden berilen beýanatda, 10-17-nji dekabr aralygynda 2404 aýry operasiýanyň geçirilendigi mälim edildi.

Operasiýalarda 1-i öli, 11-i diri we 11-i howpsyzlyk güýçlerine boýun egmek bilen jemi 23 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň arasynda gözlenýänleriň sanawynda gök kategoriýada bolan Aýşenur Inji hem bar.

Ekstremist terror guramasy PKK bilen arabaglanşykda bolan 266 adam, Fetullahçy terror guramasy bilen arabaglanşykda bolan 421 adam, terror guramasy DAIŞ bilen arabaglanşykda bolan 41 adam we çepçi terror guramalary bilen arabaglaşykda bolan 23 adam göz tussaglygyna alyndy.

Mundan başgada, terror guramasyny propogandirleýän we ýigrenç diskurslaryny ýaýradýan 233 sosial media hasaby bilen baglanşykly geçirilen derňew işiniň netijesinde kesgitlenen 201 adama garşy kazyýet işi gozgaldy.

Operasiýalaryň dowamynda 3821 bikanun migrantyň ele salynandygy habar berildi.


Etiketkalar: #operasiýa , #PKK

Degişli Habarlar