Ýyldyrym: “Türkiýe önümçilik bilen öser” diýdi

Türkiýäniň Beýik Millet mejlisiniň (TBMM) başlygy Binali Ýyldyrym Türkiýäniň önümçilik bilen ösjekdigini beýan etdi

1107807
Ýyldyrym: “Türkiýe önümçilik bilen öser” diýdi

TBMM-niň Başlygy Binali Ýyldyrym, Gämi inženerleri palatasynyň döredilen gününniň 64 ýyllygy mynasybetli Stambulda geçirilen çärä gatnaşdy.

Binali Ýyldyrym, Türkiýäniň birnäçe ýylyň dowamynda infrastrukturada ýollar, howa ýollary, gara ýollar, deňiz ýollar ýaly ösüş taýdan 39-njy orundan 2017-nji ýylyň ahyrynda 9-njy oruna çenli ýokarlandygyny habar berdi.

Mejlisiň başlygy soňky ýyllarda Türkiýäniň guran gara ýollar, köprüler, howa menzilleri, ýokary tizlikli otlylar, tuneller bilen adynyň arşa göterilendigini beýan etdi.

Gämi gurluşyk pudagynda hem Türkiýäniň uly ösüşler edendigini aýdan Binali Ýyldyrym: “Türkiýe esasan hem belli kysymly gämiler bilen bir marka ýagdaýyna öwrüldi. Ýahtalar, hyzmat gämiler, himiki madda daşaýan gämiler, tirkegli gämiler boýunça öňbaşçy ýurtlaryň birine öwrüldik, dünýä derejesinde bäsdeş edip biljek ýagdaýa geldik” diýdi.

Çärede Binali Ýyldyryma, ençeme ýyl ozal Gämi inženerleri palatasyna özi tarapyndan ýazylan arzasy sowgat edildi.


Etiketkalar: #TBMM , #Binali Ýyldyrym

Degişli Habarlar