Prezident Erdogan Yragyň Prezidenti Salihi Ankara çagyrdy

Prezident Salihiň Erdoganyň çakylygyndan hoşaldygy nygtaldy

1106695
Prezident Erdogan Yragyň Prezidenti Salihi Ankara çagyrdy

Prezident R. T. Erdogan Yragyň Prezidenti Berhem Salihi Türkiýäniň Yrakdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Fatih Ýyldyz arkaly paýtagty Ankara çagyrdy.

Ilçi Ýyldyz Yragyň Prezidenti Salih tarapyndan Bagdatdaky As Selam köşgünde kabul edildi.

Fatih Ýyldyz kabul edilşik hakyndaky beýanatynda, kabul edilşikde özara gatnaşyklaryň seljerlendigini we Prezidenti Erdoganyň çakylygyny Yragyň Prezidenti Salihe gowşurandygyny aýtdy.

Mesele hakynda Yrak tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda hem Prezident Salihiň Erdoganyň çakylygyndan hoşaldygy nygtaldy.

Yrak bilen Türkiýäniň arasyndaki taryhy gatnaşyklara ünsi çeken Yragyň Prezidenti, şol gatnaşyklaryň özara bähbide laýyklykda güýçlendirilmeginiň möhümdigini belledi.



Degişli Habarlar