Erdogan; “İýerusalim Palestinadaky bir owuç musulmanyňky däl, hemmeleriň umumy meselesi”

Prezident R.T.Erdogan İýerusalim meselesinin diňe bir Palestinadaky bir owuç musulmanyňky däl, eýsem her bir adamyň meselesidigini aýtdy

1107176
Erdogan; “İýerusalim Palestinadaky bir owuç musulmanyňky däl, hemmeleriň umumy meselesi”

Stambulda geçirilen Parlamentarilerarasynda İýerusalim Platformasynň 2-nji maslahatynda çykyş eden Erdogan, göreşi arkaly İýerusalim bilen bilelikde adamzadyň buýsanjyna eýe çykan, basybalyjylara Muhammediň ummadynyň namysyny basgylatmaýan gahrymanlara Türkiýäniň we türk milletiniň adyndan minnetdarlyk bildirdi.

“İýerusalim gowgasy diňe Palestinadaky bir owuç musukmanyň gowgasy däl. Bu gowga ählimiziň gowgasy, ählimiziň umumy meselesi” diýen Erdogan; “Ýüregimiziň ýarysy Mekge, galan bölegi Medinedir. Şolaryň üstünde bir tül ýaly İýerusalim bar” diýdi.

Prezident Erdogan; “Allanyň resulynyň magraja göterilen mukaddes şäheri Stambuldan, Kairden, Bagdatdan, Mekgeden we Medineden tapawutsyz söýýäris. İne şonuň üçin biz “İýerusalim egilşiksiz şertimiz” diýýäris” diýdi.

Ysraýylyň soňky 50 ýyldan bäri İýerusalimdäki yslam mirasyny bilkastlaýyn ýok etmäge synanşýandygyny beýan eden Erdogan; “Ýok edip bilmersiňiz. Ol ýere birnäçe ilçihana getirmek bilen, konsullygy göçürmek bilen İýerusalimiň ruhy özboluşlygyny ýok ederin öýdýän bolsaňyz özüňizi aldatýarsyňyz. Ysraýylyň basybalyjylykly işlerini şeýle biperwaýlyk bilen alyp barmagynyň esasy sebäbi BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň käbir agzalaryndan alýan goldawydyr” diýdi.

 



Degişli Habarlar