Türkiýäniň Kosmos gullugy döredildi
Prezidentiň Türkiýäniň Kosmos gullugýnýň döredilmegi baradaký permaný Resmi gazetde çap boldý
Senagat we tehnologiýa ministrligine tabynlykda boljak Türkiýäniň Kosmos gullugynyň merkezi paýtagt Ankarada ýerleşer.
Dolanşyk we maliýe taýdan özygtyýarly boljak gullugyň özüne mahsus býujeti bolar.
Milli kosmos maksatnamasyny düzmek we şol çäkde taslamalaryň iş ýüzüne geçirilmegini ýola goýmak Türkiýäniň Kosmos edarasynyň jogapkärçiliginde bolar.
Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank bu barada Prezidentiň hemaýat bermeginde Goranmak ministrligi tarapyndan ilkinji gezek geçirilen Türk goranyş senagaty maslahatynda eden çykyşynda; “Ýurdumyzyň kosmos gullugy bar. 20 ýyllyk hyýal hakykat boldy” diýdi.
Milli bähbitlere laýyklykda kosmos tehnologiýalary boýunça syýasatlary we strategiýalary kesgitlejek gullugyň bäsdeş senagata şert döretjekdigini beýan eden Warank, ýaşlary işjeňlige we özbaşdak garaýyşa eýe bolmaklary barada çagyryş etdi.