"Ýewropa ýurtlarynda başdan geçirilýän wakalara alada bildirýäris"

Prezident Erdogan Stambul şäheriniň Üsküdar etrabynda geçirlen köpçülikleýin açylyş dabarasyna gatnaşdy

1103055
"Ýewropa ýurtlarynda başdan geçirilýän wakalara alada bildirýäris"

Stambul şäheriniň Üsküdar etrabynda geçirlen köpçülikleýin açylyş dabarasyna gatnaşan Prezident R. T. Erdogan Fransiýanyň paýtagty Parižiň başda durmagynda Ýewropa ýurtlarynda başdan geçirilýän wakalara alada bildirýändiklerini aýtdy.

Prezident Erdogan “Ýewropada birnäçe ýurtda köçelerde başdan geçirilen wakalara alada bildirýäris. Parižiň köçelerinde ýakynda “Zulum 1789-njy ýylda başlady” diýlen ýazgylary görmek islemeýäris. Biz hem protest ýörişleri sebäpli emele gelen haosa, hem-de demonstrantlara garşy aşa güýç ulanylmagyna garşy. Başdan geçirlen wakalar Ýewropa ýurtlarynyň demokratiýa we adam hukuklary dersinden synypda galandygyny görkezýär” diýdi.

Fransiýada ýangyjyň bahalarynyň ýokarlandyrylmagyna we ykdysady şertleriň agyrlaşmagyna garşy 17-nji noýabrda  başlan “sary ýeňsizlileriň” ýörişleri, ýurtda soňky ýyllaryň iň uly protest ýörişlerinden birine öwrüldi.

Demonstrantlar Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makrondan ýangyjyň bahalarynyň ýokarlandyrylmazlygyny we ykdysady şertleriň kadalaşmagyny talap edýär.

Protest ýörişleri Fransiýadan soň Belgiýanyň paýtagty Brýusselde we Gollandiýada başlady.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar