Prezident Erdogan Paragwaýa bardy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan resmi sapar bilen Paragwaýa bardy

1099071
Prezident Erdogan Paragwaýa bardy

Erdogan we aýaly Emine Erdogan, paýtagt Asunsondaky taryhy hökümet binasy bolan Lopez köşgünde Paragwaýyň lideri Mario Abdo Benitez we aýaly tarapyndan garşylandy.

Lopez köşgüniň howlusynda guralan we iki ýurdyň milli senalarynyň ýerine ýetirilmeginde geçirilen dabaradan soň,  Erdogan we Benitez ikiçäk duşuşyk geçirdiler.

Erdogana Benitez tarapyndan toparara gepleşikler geçirilmeden ozal Döwlet sylagy gowşuryldy.

Prezident Erdogan we türk wekiliýeti gepleşiklerden soň köşkden çykdylar.

Beýleki tarapdan Prezident Erdogan Lopez köşgünden çykan mahaly, ençeme wagtlap özüne garaşan türkler bilen söhbetdeş boldy.


Etiketkalar: #Erdogan , #Paragwaý

Degişli Habarlar