Mewlüt Çawuşogly indoneziýaly kärdeşine gynanç bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Indoneziýanyň Daşary işler ministri Retno Marsudi bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, düýn ýurdyň paýtagty Ankarada ýogalan indoneziýaly diplomat Sebastionus Saýoga Kadarysman sebäpli gynanç bildirdi

1099590
Mewlüt Çawuşogly indoneziýaly kärdeşine gynanç bildirdi

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä, ministr Çawuşogly indoneziýaly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, oňa gynanç bildirdi.

Indoneziýanyň Ankaradaky Ilçihanasynda ilçiniň kömekçisi wezipesinde işlän Sebastionus Saýoga Kadarysman, düýn Stambuldan Ankara Esenboga howa menziline gelen mahaly, özüni erbet duýupdy. Saglygy goraýyş edarasynyň işgärleri tarapyndan tiz kömek ulagy bilen Keçiören Bilim we ylmy-derňew hassahanasynda alynyp gidilen Kadarysman, hassahanda edilen ähli tagallalara garamazdan halas edilip bilinmedi.


Etiketkalar: #Indoneziýa , #diplomat , #Ankara

Degişli Habarlar