Manbijde ABŞ bilen umumy tälim geçirildi

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri we ABŞ-niň Ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýanyň Manbij etrabynda edilýän patrullyk işleri bilen bagly umumy tälimiň ikinjisi geçirildi

1098992
Manbijde ABŞ bilen umumy tälim geçirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda: "Manbij meýilnamasy we Howpsyzlyk prinsipleriniň çäginde, Türkiýäniň Ýaragly güýçleri we ABŞ-niň Ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýanyň Manbij etrabynda edilýän patrullyk işleri bilen bagly umumy tälimiň ikinjisi tamamlandy" diýip habar berildi. 

Iki ýurdyň Ýaragly güýçlerinden harby toparlar umumy patrullyk tälimlerine 2-nji oktýabrda Gaziantepde başlapdy.  

 


Etiketkalar: #Manbij , #ABŞ

Degişli Habarlar