Türkiýe Britaniýa FETÖ-niň agzalary bilen bagly kararyna nägilelik bildirdi

Türkiýe Fetullahçy terror guramasy (FETÖ) agzalarynyň yzyna gaýdyp berilmegi baradaky talaby ret eden Britaniýa nägilelik bildirdi

1097461
Türkiýe Britaniýa FETÖ-niň agzalary bilen bagly kararyna nägilelik bildirdi

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoý, Britaniýanyň kazyýetiniň Türkiýäniň FETÖ agza adamlary yzyna gaýdyp bermek baradaky talabyny ret etmek bilen bagly subutnamalaryň esassyzydygyny belledi.

Hami Aksoý: “Asuda ilatdan 251 raýatymyzyň şehit bolan we müňlerçesiniň ýaralanan 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanyşygyny guran FETÖ guramasynyň hataryndaky bu adamlaryň ýurdumyzda kazyýetiň öňüne çykmagy üçin iň gysga yzyna gaýtarylyp berilmegine garaşýarys” diýip belledi.

Aksoý Türkiýäniň bu ugurdaky tagallaryny tutanýerlilik bilen dowam etdirjekdigini nygtady.

Hami Aksoý: “Karar kabul edilmez we bu karara örän lapykeç bolandygymyzy duşuşyk geçiren iňlis resmilerine berk ýagdaýda belläp geçdik” diýip habar berdi.



Degişli Habarlar