Türkiýe Azow deňizindäki dartgynlyga alada bildirdi

Türkiýe Azow denizinde Ukraina degişli gämilere od açylandygy we ýaralananlaryn bardygy hakyndaky habarlara alada bildirdi

1095051
Türkiýe Azow deňizindäki dartgynlyga alada bildirdi

Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada Azow denizinde we Kerç boğazynda başdan geçirilýän wakalar hem-de möwjeýän dartgynlyk bilen ýakyndan gyzyklanylýandygy nygtaldy.

“Ukraina degişli gämilere Russiýanyň deňiz güýçleri tarapyndan od açylandygy we ýaralananlaryň bardygy hakyndaky habarlara alada bildirýäris” dilýän beýannamada; “Gara deňize kenardaş ýurt hökmünde KErç bogazandan geçişleriň ýapylmaly däldigini nygtaýarys. Sebitleýin parahatçylyga we durnuklylyga wehim saljak başlangyçlardan gaça durulmağy, halkara hukugyna sarpa goýulmagy, sagdyn pikirli we parasatly hereket edilip, dartgynlygyň öňüniň alynmagy üçin çagyryş edýäris” diýilýär.

Ukrainanyň Deňiz güýçleri serkerdeligi Azow deňizindäki Kerç bogazynyň golaýynda Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugyna degişli kenarýaka howpsyzlygy gämisinden Ukrainanyň harby gämilerine od açylandygyny we iki adamyň ýaralanandygyny habar beripdi.

Gämileriň rus desant güýçleri tarapyndan ele geçirilendigi beýan edilipdi.



Degişli Habarlar