Kataryň Emiri Al Sani Türkiýä gelýär

Prezident Erdogan duşenbe güni Kataryň Emiri bilen Stambulda duşuşar

1094303
Kataryň Emiri Al Sani Türkiýä gelýär

Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamed Al Sani Türkiýä gelýär.

Prezident R. T. Erdogan duşenbe güni Kataryň Emiri bilen Stambulda duşuşar.

Mesele hakynda berlen ýazmaça beýanata görä, Kataryň Emiri Al Sani Stambulda geçiriljek Türkiýe-Katar ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk komitetinin 4-nji maslahatyna gatnaşmak üçin duşenbe güni Stambula geler.

Prezident Erdogan bilen Kataryň Emiri Al Saniniň ýolbaşçylyk etmeginde geçiriljek maslahatda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli taraplaýyn ösdürilmegi meselesi seljerler.

Sebitara meseleler hem maslahatyň gün tertibinde esasy orun eýeleýär.

Maslahatyň çäginde şeýle hem Türkiýe bilen Kataryň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk şertnamasynyň baglaşylmagyna garaşylýar.

 



Degişli Habarlar