Türkiýäniň Daşary işler ministri amerikaly kärdeşi bilen duşuşar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, ABŞ-niň Döwlet sekretary Maýk Pompeo bilen duşuşyk geçirer

1091349
Türkiýäniň Daşary işler ministri amerikaly kärdeşi bilen duşuşar

Mewlüt Çawuşogly ABŞ-niň Nýu-Ýork şäherinden soň, indi bolsa ýurdyň paýtagty Waşingtona geçýär.

Çawuşogly abş-li kärdeşi Maýk Pompeo bilen duşuşar.

Iki ministriň 2-nji oktýabrda Saud Arabystanynyň Stambuldaky Başkonsullugynda edilen jenaýat bolan Jemal Kaşykçy jenaýatyny, Siriýanyň Manbij sebitiniň ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-ly terrorçylardan saplanmagy, Fetullahçy terror guramasynyň lideriniň yzyna gaýtarylyp berilmegi ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar.

Duşuşykda beýleki sebitleýin we halkara meseleleriň hem ele alynmagyna garaşylýar.

Mewlüt Çawuşogly, Nýu-Ýorka guran saparynyň çäginde BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen duşuşyk geçiripdi. Iki resmi duşuşykda Kaşykçy jenaýaty bilen birlikde Ýemen, Siriýa we Kipr meselelerini maslahatlaşypdy.



Degişli Habarlar