Kipriň grek böleginde iş alyp barýan AKEL partiýasynyň Baş sekretary Türkiýä gelýär

Kiprianunyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşmagyna garaşylýar

1090861
Kipriň grek böleginde iş alyp barýan AKEL partiýasynyň Baş sekretary Türkiýä gelýär

Kipriň grek böleginde iş alyp barýan oppozisiýadaky AKEL partiýasynyň Baş sekretary Andros Kiprianu anna güni Türkiýä gelýär.

Kiprianunyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Andros Kiprianu Türkiýäniň ykdysady syýasatlary atly ylmy barlag gaznasynyň myhmany hökmünde paýtagt Ankarada geçiriljek maslahata gatnaşar.

Sapar Kiprde tebigy gaz dartgynlygynyň başdan geçirilýän günlerinde guralmagy taýdan diýseň möhüm.

Maslahata Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň hem gatnaşjakdygy nygtalýar.

Kiprianu bilen Çawuşoglynyň maslahatyň çäginde duşuşmagyna garaşylýar.

 



Degişli Habarlar