Prezident Erdogan Millet seýilgähleriniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

"Biz her şäherde azyndan bir sany Millet seýilgähiniň açylmagyny maksat edinýäris”

1089847
Prezident Erdogan Millet seýilgähleriniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Prezident R. T. Erdogan Stambulyň Başakşehir etrabynda Millet seýilgähleriniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Prezident Erdogan açylyş dabarasynda sözlän sözünde “Ulanylmaga berlen millet seýilgähleri bilen 100 gümlük iş meýilnamamyzyň çäginde ýer alýan taslamalardan ýene-de birini durmuşa geçirdik”diýdi.

Prezident Erdogan “18 welaýatymyzda gurulýan 33 Millet seýilgähiniň ulanylmaga berilmegi işleri güýçli depginde dowam edýär we soňky sepgide ýetildi. Biz her şäherde azyndan bir sany Millet seýilgähiniň açylmagyny maksat edinýäris” diýdi.

Prezident R. T. Erdogan Türkiýäniň iň uly sergi meýdançalaryndan birini Atürküň adyny göterýän howa menzilinde açjakdyklaryny aýtdy.

 

 



Degişli Habarlar